Ýewfrat galkany operasiýasy bilen Siriýanyň demirgazygy terrorçylardan saplanýar

Ýüze çykan soňky çaknyşyklarda DAIŞ-e agza 36 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

602830
Ýewfrat galkany operasiýasy bilen Siriýanyň demirgazygy terrorçylardan saplanýar

Siriýanyň demirgazygynyň terrorçylardan saplanmagy üçin 24-nji awgustda Türkiýäniň ýolbaşçylyk etmeginde başladylan Ýewfrat galkany operasiýasynyň 72-nji gününde bolan çaknyşyklarda terror guramasy DAIŞ-e agza 36 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, oppozisionerlerden bolsa 11 adam ýaralandy.

Baş ştab tarapyndan mesele bilen baglanşykly berilen beýanata görä Ýewfrat galkany operasiýasynyň çäginde terror guramasy DAIŞ-e degişli 100 aýry ýere we aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly bolan PÝD-e degişli 4 ýere hüjüm guraldy.

Aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy operasiýalar hem erjellik bilen dowam etdirilýär.

Hakkari welaýatynyň Çukurja etrabynda uçarmansyz howa ulagynyň guran hüjüminde 2 terrorçy öldürildi.

Aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy geçirilýän operasiýalarda şu günki güne çenli Çukurja etrabynda 357, Hakkari welaýatynda bolsa jemi 491 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.



Degişli Habarlar