Ukraina bilen wizasyz syýahadyň möhledi uzadyldy

Poroşenko telefon söhbetdeşliginde türk halkynyň garaşsyzlyk baýramyny gutlady

598802
Ukraina bilen wizasyz syýahadyň möhledi uzadyldy

 

Ukrainanyň Prezidentliginiň metbugat gullugy tarapyndan berlen maglumata görä, Prezident Petro Poroşenko PrezidentR. T. Erdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Ukrainanyň Prezidenti Poroşenko telefon söhbetdeşliginde türk halkynyň garaşsyzlyk baýramyny gutlady.

Prezident Poroşenko kärdeşi R. T. Erdogana türk raýatlarynyň Ukraina wizasyz syýahat etmekleri baradaky ylalaşygyň möhlediniň 60 günden 90 güne çykarlandygy hakynda maglumat berdi.

Petro Poroşenko wizasyz syýahatlaryň iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklar bilen birlikde ykdysady gatnaşyklaryň ösmegine itergi berýändigine ünsi çekdi.

Prezident Erdogan hem telefon söhbetdeşliginde Krymda geçirlen umumy saýlawlaryň netijelerini Türkiýe hökmüne ykrar etmeýändiklerini aýratyn belledi.

 



Degişli Habarlar