Palestinanyň Prezidenti Türkiýäniň Premýer ministri we Prezidenti bilen duşuşdy

Prezident R.T. Erdogan we Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas agşam naharynda duşuşdylar

596426
Palestinanyň Prezidenti Türkiýäniň Premýer ministri we Prezidenti bilen duşuşdy
filistin devlet başkanı abbas ankara'da.jpg

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky ýaragly agdarlyşyk synanyşygyndan soň dost we dogan Palestinanyň halkynyň Türkiýä goldaw berýändigini görkezmek we Palestina meselesi bilen baglanşykly soňky wakalary ara alyp maslahatlaşmak üçin düýn Ankara gelipdi.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Abbas bilen Çankaýa köşgünde duşuşdy.

Duşuşykda iki ýurdyň arasyndaky meseleler bilen birlikde Ýakyn Gündogardaky Parahatçylyk etaby bolmak bilen sebitleýin meseleler orta atyldy.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Palestinada parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin Türkiýäniň goldaw bermegini dowam etdirjekdigini habar berdi.

Gaza 4-nji iýulda we 7-nji sentýabrda jemi 13 müň tonnalyk ynsanperwer kömegiň ýetirilendigini bellän Ýyldyrym bu kömekleriň dowam etjekdigini nygtady. Mahmud Abbas bolsa Palestina berilýän goldaw sebäpli Türkiýä sag bolsun aýtdy.

Mundan soň bolsa Prezident R.T. Erdogan we Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas agşam naharynda duşuşdylar.

Prezident kompleksinde metbugata ýapyk ýagdaýda geçen duşuşyk takmynan 1 sagat 45 minut dowam etdi.



Degişli Habarlar