Palestinanyň Prezidenti resmi sapar bilen Türkiýä geldi

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas resmi sapar bilen Türkiýäniň paýtagty Ankara geldi

595912
Palestinanyň Prezidenti resmi sapar bilen Türkiýä geldi

Anytkabire zyýarat edip, Atatürkiň aramgähine gül-desselerini goýan Mahmud Abbas soňra bolsa Anytkabiriň ýörite depderine ýazgy ýazdy.

Palestinanyň Prezidenti Abbas depdere: “Bu beýik ýurduň halkyna, ozalky we häzirki hökümetine hormat goýýaryn. Şol çäkde beýik lider Mustafa Kemal Atatürkiň Türkiýe Respublikasynyň esaslandyrylmagynda eden beýik işlerini takdyr edýäris.  Palestinanyň halkynyň beýik lider Atatürkiň ruhuna, Erdoganyň ýolbaşçylygyndaky Türkiýäniň hökümetine we türk halkyna salamlaryny ýetirýärin” diýip ýazdy.

Abbas Anytkabirden soň TBMM-niň başlygy Ismail Kahraman bilen duşuşar we 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygynda TBMM-niň zeper ýeten ýerlerini görer.

Myhman Prezident ondan soň bolsa Prezident R.T. Erdogan tarapyndan beriljek agşam naharyna gatnaşar.



Degişli Habarlar