“Terror guramalary bilen diňe halkara hyzmatdaşlygy artdyryp üstünlikli göreşip bolar”

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan terror guramalary bilen diňe halkara hyzmatdaşlygy artdyryp üstünlikli göreşip boljakdygyny nygtady

592605
“Terror guramalary bilen diňe halkara hyzmatdaşlygy artdyryp üstünlikli göreşip bolar”

Prezident Erdogan Prezident kompleksinde Yslam ýurtlary hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlament Bileleşiginiň 36-njy maslahatyna gatnaşan mejlisiň başlyklarynyň hormatyna berilen agşam naharynda çykyş etdi.

Yslama garşy meseleleriň birlik we jebislik bilen hötdesinden gelip boljakdygyny aýdan Erdogan: “Has köp iş alyp baryp, pitnelere garşy durup, ýygnaklarda edişimiz ýaly maslahatlarymyzy güýçlendirip ähli meselelerde bir bolmalydyrys” diýdi.

Türkiýäniň Prezidenti Afrikadan Ýakyn Gündogara, Aziýadan Amerika çenli ähli musulmanlaryň tapawutly meseleler bilen ýüz-ýüzedigini, eýýäm 6 ýyl bäri dünýäniň gözüniň öňünde siriýalylaryň barrel bombalary, himiki we iň döwrebap ýaraglar bilen guralýan hüjümlere sezewardygyny we Yragyň we Ýemeniň üsti bilen şaýy-sünni söweşiniň ýüze çykarylmaga synanyşylýandygyny nygtady.



Degişli Habarlar