Bagdatdan bir wekiliýet Türkiýä geler

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly şu hepde Bagdatdan bir wekiliýetiň Türkiýä geljekdigini aýtdy

591927
Bagdatdan bir wekiliýet Türkiýä geler

Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherine baran Çawuşogly žurnalistleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary baradaky soraglaryna jogap berýärkä, Daşary işler ministriniň orunbasary Ümit Ýalçynyň ýolbaşçylyk etmegindäki türk wekiliýetiniň Bagdatda geçiren toparara duşuşygy barada maglumat berdi.

Türk wekiliýetiniň netijeli duşuşyk geçirendigini, Türkiýäniň garaýyşlaryny ýazmaça görnüşde beýan edendigini nygtan Çawuşogly yrakly resmileriň hem Premýer ministr Haýdar Al Abadi bilen duşuşyp, garaýyşlaryny türk wekiliýetine beýan etjekdigini aýtdy.

Çawuşogly: “Şu hepdäniň dowamynda belki penşenbe güni Yrakdan bir wekiliýet Türkiýä geler. İki tarapda-da meseläni gepleşikler arkaly çözmek üçin ygtyýar bar” diýdi.

Mewlüt Çawuşogly: “Retorikleriň we iki taraply beýanatlaryň ýerine biz Başika meselesini elmydama iki ýurduň arasynda çözme düşünjämizi beýan etdik. yrakly doganlarymyz ýerliksiz çekeleşige sebäp bolýarlar. Biz ol ýere ýöne ýere gitmedik. Çakylyga laýyklykda bardyk. Sekiz aý soň birden reaksiýa görkezdiler” diýdi.

Yrakda içeri syýasat sebäpli ýüze çykýan düşnüşmezliklere düşünjelilik bilen çemeleşýän Türkiýäniň Yragyň territorial we serhet bitewiligi üçin DAİŞ-e garşy tälim ber-üpjün et işlerini alyp barýandygyny, ýerli güýçlere tälim berýändigini nygtan Daşary işler ministri: “Yragyň territorial bitewiligine, garaşsyzlygyna bizden güýçli goldaw berýän ýurt bolan däldir. Biz Yrakda dürli maksatlar bilen hereket edýän ähli toparlara-da şol bir düşünjäni beýan edýäris. Biz Yragyn serhet howpsyzlygyny, territorial bitewiligini goldaýarys we Yragyň terrordan saplanmagyny isleýäris” diýdi.

Yrakdaky PKK we DAİŞ ýaly terror guramalarynyň Türkiýä garşy hüjüm guraýandygyna ünsi çeken Mewlüt Çawuşogly: “Başika bazasynda tälim bwerilen adamlar häzirki wagtda Mosul operasiýasyna gatnaşýarlar. Yrakly doganlarymyz şuňa düşünsinler, biziň alyp barýan işlerimiz olara garşy däl, tersine bähbidine” diýdi.

Türk harby bazasynyň ýerleşýän ýeri bolan Başika we Mosul operasiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin düýn türk wekiliýeti Bagdada gidipdi.



Degişli Habarlar