PKK-a garşy göreş dowam edýär

Çaknyşykda 2-si zenan 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

591005
PKK-a garşy göreş dowam edýär

Aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy göreş dowam edýär.

Howpsyzlyk güýçleri Siirtde guran operasiýasynda 2-si zenan 3 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi.

Uçarmansyz howa ulagynyň goldaw bermeginde guralan operasiýanyň çäginde howpsyzlyk güýçleri terrorçylar bilen çaknyşdy.

Çaknyşykda 2-si zenan 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Tunjelide we Hakkariniň Şemdinli etrabynda hem terrorçylara degişlidigi anyklanan ýerlere howa hüjümi guraldy we 12 ýer hatardan çykaryldy.

 

 



Degişli Habarlar