Ministr Awjy Gollandiýaly ýolbaşçylara FETÖ hakynda duýduryş berdi

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Nabi Awjy Ynanç turizmi temaly maslahata gatnaşmak üçin Gollandiýa gitdi

584562
Ministr Awjy Gollandiýaly ýolbaşçylara  FETÖ hakynda duýduryş berdi

Ministr Awjy saparynyň çäginde Gollandiýaly ýolbaşçylara Fetullahçy terror guramasy FETÖ hakynda duýduryş berdi.

Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň FETÖ-niň agzalarynyň bir böleginiň Türkiýeden gaçandygyny ýatladan ministr Awjy, şolaryň bir böleginiň bolsa Gollandiýadadygyny belledi.

Şol adamlaryň Türkiýä garşy kampaniýa alyp barýandygyny aýdan Awjy, şol ýagdaýyň Gollandiýanyň syýahatçylyk pudagyna hem ýaramaz täsirini ýetirýändigini belledi.

Ministr Awjy FETÖ-niň agzalarynyň anyklanylmagy we degişli çäreleriň görülmegi barada Gollandiýaly ýolbaşçylara duýduryş berdi.

 



Degişli Habarlar