Adatdan daşary ýagdaý dolanşygy düzgüniniň möhleti 3 aý uzaldyldy

Wise-premýer Numan Kurtulmuş Adatdan daşary ýagdaý dolanşygynyň 19-njy okýabrdan başlap 90 gün möhlet bilen uzaldylmagy barada karar kabul edilendigini aýtdy

582237
Adatdan daşary ýagdaý dolanşygy düzgüniniň möhleti 3 aý uzaldyldy

Prezident R.T.Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde Prezidentiň kompleksinde geçirilen Ministrler kabinetinin mejlisiniň dowamynda beýanat beren Kurtulmuş: “Ministrler kabinetiniň mejlisinde seredilen meselelerden biri 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda güýje giren we 19-njy okýabrda möhleti gutarýan Adatdan daşary ýagdaý dolanşygy düzgüniniň ikinji gezek uzaldylmagy we 19-njy oktýabr gijesi Türkiýe wagty bilen 01:00-da ýene-de 90 gün dowam etmegi baradaky karar. Ministrler kabineti Milli howpsyzlyk geňeşiniň maslahat bermegine laýyklykda 90 gün möhlet bilen uzaldylmagyna karar berdi.

Numan Kurtulmuş Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamynyň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň yzyna berilmegi boýunça ABŞ bilen gepleşikleriň dowam edýändigini nygtap: “Amerikanyň degişli edaralarynyň degişli jogapkärçiliklerini ýerine ýetirmegi üçin degişli başlangyçlar edilýär. Bu karar Amerikan kazyýeti tarapyndan kabul edilýänçä degişli raýatyň tussag edilmegini isleýäris. Ugdarylan delo şol talap bilen bagly. Şol islegiň gysga möhletde kanagatlandyrylmagyni we işe girilmegini tama edýäris” diýdi.

“Ýefrat galkany” operasiýa barada-da beýanat beren Kurtulmuş: “Siriýanyň territorial bitewiliginiň goralmagy, Türkiýäniň terror guramalary DAİŞ we ÝPG-niň hüjümlerinden goralmagy, terror koridorynyň açylmagynyň öňüni almak üçin guralýan operasiýa. Bu esasanda DAİŞ garşy göreşdir. Sebitiň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi ileri tutýan uğurlarymyzdan biri. Operasiýalar erjellik bilen dowam eder” diýdi.



Degişli Habarlar