Siriýadaky Ýewfrat galkany operasiýasynyň çäginde DAEŞ-e degişli 79 ýer ýok edildi

24-nji awgustda başladylan Ýewfrat galkany operasiýasynyň çäginde Siriýanyň demirgazygynda 960 inedördül km ýer gözegçilik astyna alyndy

581069
Siriýadaky Ýewfrat galkany operasiýasynyň çäginde DAEŞ-e degişli 79 ýer ýok edildi

Baş ştab tarapyndan berilen beýanatda soňky gezek bolsa terror guramasy DAEŞ-e degişli 79 aýry nyşananyň hatardan çykarylandygy mälim edildi.

Berilen beýanata görä Azaz-Rai sebitinde oppozisionerler tarapyndan ýene-de 4 aýry ýer gözegçilik astyna alyndy.

Terrorçylaryň ýaşaýyş ýerleri, ştablary ýer bilen ýegsan edildi, bellenen nyşanalar dolulygyna ýok edildi.

Çaknyşyklaryň netijesinde 2 oppozisioner şehit boldy, 8-si bolsa ýaralandy.

Beýleki tarapdan bolsa Harby howa güýçlerine degişli uçarlar Siriýada DAEŞ-e degişli 7 nyşana howa hüjümi gurady we 9 terrorçyny öldürdi.

Terrorçylar tarapyndan ulanylan 7 bina ýok edildi.

Mundan başgada Hyzmatdaş güýçler tarapyndan hem howa operasiýa guraldy.

Baş ştab tarapyndan berilen beýanatda Siriýa serhedinde 1 sany Baýraktar we 1 sany Gözjü atly uçarmasyz howa ulaglary tarapyndan gözegçilik uçuşlarynyň ýerine ýetirilýändigi habar berildi.



Degişli Habarlar