Şenol Göka Skopiýada “Anadoly” habarlar gullugynyň ofisine baryp gördi

Türkiýäniň Radio-telewideniýe guramasynyň baş müdiri Şenol Göka Makedoniýa saparynyň dowamynda Skopiýa şäherinde ýerleşýän “Anadoly” habarlar gullugynyň ofisine baryp gördi

580358
Şenol Göka Skopiýada “Anadoly” habarlar gullugynyň ofisine baryp gördi

“Anadoly” habarlar gullugynyň alban we makedon dillerindäki redaktory Adnan İdrizden gullugyň sebitde alyp barýan işleri barada maglumat alan Göka, habar merkeziniň işgärlerine üstünlik arzuw etdi.

“Anadoly” habarlar gullugynyň sebitde alyp barýan işleri barada öwgüli sözler aýdan Şenol Göka: “Anadoly” habarlar gullugy ähli ýerde bize goldaw berdi” diýdi.

Skopiýa şäherinde Ýunus Emre institutyna baryp gören Göka saparynyň dowamynda TRT radio departamentiniň başlygy Amber Türkmen, TRT halkara gatnaşyklar departamentiniň başlygy Çaglan Tankut Ýürümez, TRT-niň Daşary ýurt ýaýlymlary departamentiniň başlygy Süleýman Erdal, TRT-niň Teleýaýlymlar departamentiniň başlygy Tunjaý Ýürekli TRT-niň Skopiýadaky wekili Bekim Muftarewiç ýoldaşlyk etdi.

TRT-niň baş müdiri Şenol Göka Skopiýada Balkan ýurtlarynyň media wekilleri bilen duşuşyp, Fetullahçy terror guramasynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygy barada brifing berer.



Degişli Habarlar