Saud Arabystanyň mirasdar Şazadasy düýn Türkiýä geldi

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Türkiýäniň terrora garşy göreş babatynda Saud Arabystany bilen hyzmatdaşlygyny artdyryp, dowam etdirjekdigini belledi

579895
Saud Arabystanyň mirasdar Şazadasy düýn Türkiýä geldi

Saud Arabystanynyň ikinji adamy hökmünde tanalýan mirasdar Şazada Muhammed Bin Naýif Bin Abdulaziz As Saud düýn paýtagt Ankara geldi.

Şazadanyň ilkinji duralgasy Çankaýa köşgi boldy.

Geçirilen resmi dabaradan soň Binali Ýyldyrym Şazada bilen ilki ikiçäk soň bolsa toparara gepleşikler geçirdi. Agşam bolsa mirasdar Şazadanyň şanyna agşam nahary berildi.

Gepleşiklere iki ýurduň köp sanda ministrleri gatnaşdylar.

Ykdysadyýet we energetika başda bolmak bilen ýurt bähbitli beýleki meseleler hem gün tertibe getirildi.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym Saud Arabystanynyň 15-nji iýuldaky harby agdarlyşyk synanaşygyna garşy goldaw berendigi sebäpli mirasdar Şazada Muhammed Bin Naýife sag bolsun aýtdy.

Terrora garşy göreş meselesiniň üstünde durup geçen Premýer ministr bu babatda Saud Arabystany bilen hyzmatdaşlyklaryny artdyryp, dowam etdirjekdiklerini belledi.

Mirasdar Şazada bolsa öz gezeginde umumy taryhy gatnaşyklara eýe bolan we barha özgerýän Türkiýe-Saud Arabystany gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda artdyrylmagy üçin güýçli ygtyýara eýediklerini nygtady.

Sebitdäki meseleleri göz öňüne tutan Muhammed Bin Naýif Türkiýe we Saud Arabystany arasyndaky hyzmatdaşlygyň sebitleýin howpsyzlyk, bagtyýarlyk we asudalyk üçin örän möhümdigini belläp geçdi.



Degişli Habarlar