Milli Howpsyzlyk geňeşinden ozal Prezident kompleksinde howpsyzlyk maslahaty geçirildi

Takmynan 2 sagat dowam eden maslahatyň gün tertibiniň esasy meselesi terrordy

578411
Milli Howpsyzlyk geňeşinden ozal Prezident kompleksinde howpsyzlyk maslahaty geçirildi

Prezident R.T. Erdoganyň ýolbaşçylygynda geçirilen maslahata Premýer ministr Binali Ýyldyrym, Baş ştabyň başlygy Hulusi Akar, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Içeri işler ministrligi Süleýman Soýlu, Milli Goranmak ministri Fikri Yşyk bilen ýurduň Howpsyzlyk gullugynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Takmynan 2 sagat dowam eden maslahatyň gün tertibiniň esasy meselesi terrordy.

Terror guramasy PKK garşy geçirilýän operasiýalaryň ara alynyp maslahatlaşylan geňeşde Siriýadaky soňky wakalar hem ele alyndy.

Dowam edýän Ýewfrat galkany operasiýasyndaky soňky ýagdaý we terror guramasy DAEŞ-e garşy göreşiň jikme-jikligi orta atyldy.

Serhediň howpsyzlygy ýene-de bir gezek maslahatda gözden geçirildi.

Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamyna garşy göreşiň jikme-jikligi hem howpsyzlyk geňeşiniň gün tertibiniň esasy meselelerindendi.



Degişli Habarlar