“Güleniň ABŞ tarapyndan yzyna berilmegi üçin gerek bolan ähli zatlar edildi”

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň ABŞ tarapyndan yzyna berilmegi üçin gerek bolan ähli zatlaryň ýerine ýetirilendigini mälim etdi

576481
“Güleniň ABŞ tarapyndan yzyna berilmegi üçin gerek bolan ähli zatlar edildi”

Prezident Erdogan ABŞ-dan Türkiýä gaýdyp gelýärka uçarda metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi. R.T. Erdogan: “FETÖ bilen baglanşykly ähli resminamalarymyzy we bilýänlerimizi Amerika bilen paýlaşdyk we paýlaşmagymyzy dowam etdirýäris. FETÖ babatynda ähli taraplar gerek bolan tutanýerliligi görkezmeli. Bular gaçmaga deşik tapmaz ýaly bolmaly” diýdi.

Güleniň başga bir ýurda gaçjakdygy barada öňe sürülýän maglumatlaryň üstünde durup geçen Erdogan: “Başga bir ýurda gaçsa hem olar ýitgi çeker. Bu gezek bolsa şol ýurda gönügeris. Esasy zat halkymyň olary tanamagydy. Wagt mundan soň olaryň bähbidine dälde, olara garşy ýöreýär” diýip belledi.

Siriýadaky Rakka operasiýasynyň üstünde durup geçen Prezident Erdogan: “ABŞ operasiýany PÝD bilen geçirmek islese Türkiýe hökmünde biz operasiýa gatnaşmarys. Emma operasiýa PÝD we ÝPG gatnaşmasa, ABŞ bilen bilelikde göreşmäge taýýardyrys” diýdi.

Prezident Siriýadaky DAEŞ-e agza terrorçylaryň sanynynyň 10 müň töwerekdigini belläp, ABŞ we Türkiýe bilelikde söweşse bu işiň hötdesinden gelip boljakdygyny belledi.

Türkiýäniň Prezidenti howpsyz zolak meselesinde hyzmatdaş güýçleriň berjek goldawynyň wajypdygyny aýdyp: “Başyndan bäri aýdyp gelýäris. Geljekleri ýer ýene-de şol ýerdir. Başga çäre ýok” diýdi.

Prezident Erdogan Ýewfrat galkany operasiýasy bilen baglanşykly bolsa operasiýanyň Jarablusdan başlandygyny we DAEŞ-iň günorta tarap gaçandygyny ýatladyp: “DAEŞ-iň Jarablusdan çykarylmagyndan soň, ol ýere jarabluslylar ýerleşdi. Indi Münbiçiň ýaşaýjylary hem gaýdyp gelmäge başlady. Ol ýerler boşalýar, şol bir wagtda Al Rai hem saplandy. Bab hem DAEŞ-den saplanar we eýelerine gowşurylar” diýip habar berdi.



Degişli Habarlar