Türkiýäniň Prezident Gurban baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Türkiýäniň Prezident R.T. Erdogan Türkiýäniň 15-nji iýulda gizlin bir basyp alyjylyk synanyşygyna sezewar bolandygyny mälim etdi

569375
Türkiýäniň Prezident Gurban baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Raýatlary Gurban baýramy bilen gutlan Türkiýäniň Prezidenti gutlagynda baýramyň millete, Yslam dünýäsine we bütin adamzada haýyr getirmegini diledi.

Gutlag ýüzlenmesinde Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygynyň üstünde durup geçen Erdogan: “Milletimiz öz ygtyýaryny hasap etmeýän, agdarlyşyk bilen, terror bilen, güýç bilen ýurduny boýun egdirip biljekdigini, döwletini ele salyp biljekdigini öýdenlere anyk ýüzlenme berdi. Bular ýaly niýet bilen ýola çykjaklar mundan soň öz öňlerinde 570 müň goşuny, 260 müň polisiýa işgärleri bilen birlikde, 7 ýaşdan 70 ýaşa çenli 79 million milleti bilen Türkiýäni görjekdiklerini bilmelidirler” diýdi.

Türkiýäniň 2023-nji ýyldaky maksatlaryna ýetmek üçin tutanýerlilik bilen ýoluny dowam etdirýändigini bellän Erdogan: “Maksadymyz bizden soňraky nesillere 2053 we 2071-nji ýyllara çenli bolan döwür üçin maksatnamalaryny durmuşa geçirip bilmekleri üçin bir Türkiýe goýup gitmekdir” diýip nygatdy.



Degişli Habarlar