Liderler Gurban baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmelerini çap etdiler

Baş Ştabyň başlygy Hulusi Akar gutlag ýüzlenmesinde: “Soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänça çenli terrora garşy göreş tutanýerlilik we erjellik bilen dowam etdiriler” diýdi

569517
Liderler Gurban baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmelerini çap etdiler

Baş ştabyň başlygy baýramlaryň asuda ýagdaýda geçmegi üçin Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Gury ýer goşunynyň, Harby flotyň we Harby howa güýçleriň güýje-gündiz diýmän göreş alyp barýandygyna ünsleri çekdi.

Siriýanyň demirgazygynyň terrorçylardan saplanmagy üçin Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň ýolbaşçylyk etmeginde başladylan Ýewfrat galkany operasiýasynyň hem üstünde durup geçen Hulusi Akar operasiýalaruň asuda ilata zeper ýetirmeden ähli terror guramalarynyň köküniň gopýança çenli, ähli terrorçylaryň ýok bolýança çenli ýurduň öz içinde we daşary ýurtda erjellik we tutanýerlilik bilen dowam etdiriljekdigini mälim etdi.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym özüniň çap eden gutlag ýüzlenmesinde: “Hyýanatçy toparlar, bir beden bolan milletiň bütewiligine zeper ýetirip bilmezler. Birligimize hyýanat eden, güýjimizi ýok etmek isleýän bütin ol oýunlar boşunadyr” diýip nygatdy.

Terroryň dolulygyna ýok edilýänçä çenli göreşiň dowam etdiriljekdigini bellän Binali Ýyldyrym: “Hiç bir hyýanatçy topar milletimiň başyny egdirip bilmez” diýdi.

Respublikan halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly Gurban baýramy mynasybetli çap eden gutlag ýüzlenmesinde ýaragly agdarlyşyk synanyşygyna we terrora garşy göreşe ünsleri çekdi.

Kemal Kylyçdarogly: “15-nji iýul harby agdarlyşyk synanyşygynda we ýurdumyzyň serhediniň daşynda şehit bolanlarymyz baýramyň gynançly geçmegine sebäp bolýar” diýdi.

Kylyçdarogly: “Täze ajylaryň öňüni aljak çözgütleri iň gysga wagtda tapmalydyrys. Esaslandyrylandan bäri Yslam dünýäsi bilen birlikde ähli ezilen döwletleriň umydy bolan Respublikamyzyň esasynda uly lider Mustafa kemal Atatürkiň goýup giden Demokratik, dünýewi we sosial hukuk döwleti ýörelgesi bilen meseleleriň hötdesinden gelip boljakdygyna ynanýaryn” diýdi.



Degişli Habarlar