Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Ýewfrat galkany operasiýasy dowam edýär

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň başda DAEŞ bolmak bilen ähli terror guramalaryna garşy Siriýanyň Jerablus sebitinde geçirýän Ýewfrat galkany operasiýasy dowam edýär

568158
Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Ýewfrat galkany operasiýasy dowam edýär

Operasiýanyň çäginde 2 aýry tarapdan girilen Kantara, Aş Şehid, Al Humran we Taşlyhöýük obalary basylyp alyndy.

Terror guramasy DAEŞ-e degişli 12 nyşana 51 sany gaubisa arkaly od açylyp, ýok edildi.

Şeýlelik bilen operasiýanyň başlan gününden bäri 457 nyşana 2032 gezek od açyldy.

Harby howa güýçlerine degişli uçarlar hem operasiýanyň geçirilýän mahaly Kantaranyň günortasyndaky terror guramasy DAEŞ-e degişli bolan 3 binany ýer bilen ýegsan etdi.

Hyzmatdaş güýçlerine degişli uçarlar bolsa Ýahmul sebitinde DAEŞ-e degişli 1 sany ýaragly ulagy ýok etdi.



Degişli Habarlar