Türkiýäniň Prezidenti üç ýurduň ilçisini kabul etdi

Türkiýäniň Prezidenti Erdogan üç ýurduň ilçisini Prezident kompleksinde kabul etdi

568427
Türkiýäniň Prezidenti üç ýurduň ilçisini kabul etdi

Prezident komplekse ilki bilen Çiliniň Türkiýedäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Žoze Manuel Silwa we ýanyndaky wekiliýet geldi.

Çiliniň ilçisi ilki Prezident Erdogana ynam hatyny gowşurdy, yz ýanyndan bolsa wekiliýeti tanatdy.

R.T. Erdogan ondan soň ilçi we onuň aýaly bilen surata düşdi.

Erdogana ondan soň Zimbabweniň Türkiýedäki ilçisi ynam hatyny gowşurdy.

Ahyrynda bolsa Malaýziýanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Abd Razak Bin Abdul Wahab ynam hatyny gowşurdy.



Degişli Habarlar