Prezident Erdogan BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen duşuşdy

Prezident Erdogan Pan Gi Muna Ýefrat Galkany operasiýasy hakynda maglumat berdi

564557
Prezident Erdogan BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen duşuşdy
erdoğan çin'de 3.jpg

G-20-niň döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahatyna gatnaşmak üçin Hytaýa giden Prezident Erdogan BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun bilen duşuşdy.

Duşuşykda Siriýanyň we Yragyň başda durmagynda sebitara meseleler gün tertibine getirildi.

Erdogan bilen Pan Gi Mun Siriýada we Yrakda terror guramasy DAİŞ-e garşy guralýan operasiýalar hakynda pikir ayşdy.

Prezident Erdogan Pan Gi Muna Ýefrat Galkany operasiýasy hakynda maglumat berdi.

Erdogan-Mun duşuşygynda Siriýada çaknyşyklaryň bes edilmegi, Halap şäherine ynsanperwer kömeginiň berilmegi we klimat çalşygy ýaly meseleler hem gün tertibine getirildi.

Siriýada ýagdaýyň barha agyrlaşýandygyna ünsi çeken Prezident Erdogan Türkiýe hökmünde BMG-nyň ynsanperwer kömek tagallalaryna goldaw berýändiklerini aýtdy.

BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun hem duşuşykda Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ-nyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyny ýazgarýandyklaryny ýene-de bir gezek tekrarlady we Türkiýede demokratiýanyň goralyp saklanmagyndan hoşaldyklaryny belledi.



Degişli Habarlar