“Türkiýäniň aýralykçy terror guramasy PKK bilen meselesi bardyr”

Ibrahim Kalyn Prezident kompleksinde geçirilen metbugat işgärleriniň ýygnagynda žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi

562517
“Türkiýäniň aýralykçy terror guramasy PKK bilen meselesi bardyr”

Prezident Diwanynyň iş dolandyryjysynyň orunbasary we Prezidentiň metbugat sekretary Ibrahim Kalyn Türkiýäniň öz topraklaryndaky ýa-da başga ýurtlardaky kürtler bilen meselesiniň ýokdugyny belläp: “Türkiýäniň meselesi terror meselesidir. Türkiýäniň aýralykçy terror guramasy PKK bilen meselesi bardyr” diýdi.

Ibrahim Kalyn Prezident kompleksinde geçirilen metbugat işgärleriniň ýygnagynda žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

Siriýanyň Jerablus sebitinde 1 hepde bäri dowam edýän Ýewfrat galkany operasiýanyň siriýaly kürtlere garşy geçirilýän ýaly görkezilmeginiň kabul edilip bilinjek hereket däldigini nygtan Kalyn bular ýaly hereketleri berk ýazgarýandyklaryny mälim etdi.

Aýralykçy terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly PÝD/ÝPG-niň beýleki bir terror guramasy DAEŞ-e garşy göreşýändigini görkezilmäge synanyşylýandygyny aýdan Kalyn şeýlelik bilen Eýranda edip bilmediklerini bir kanton emele getirip durmuşa geçirmäge synanyşýarlar.

Bular ýaly sebitiň Siriýanyň territorial bütewiligine howp saljakdygyny, ýurtdaky etniki we messep meselesini ýüze çykarjakdygyny bellän Ibrahim Kalyn Amerikanyň hökümetiniň şol terrorçylaryň Ýewfrat derýasynyň gündogaryna çekiljekdigi barada Türkiýä beren sözüniň bardygyny ýatlatdy.

Kalyn: “Şoňa garamazdan yza çekilmek aňyrda dursun, Jerablus serhedine tarap süýşmek kabul edilip bilinjek bir ýagdaý däldir” diýdi.

Ibrahim Kalyn sebitiň howpsyzlygyny üpjün etjek esasy ýurduň Türkiýedigini belledi.



Degişli Habarlar