Türkiýäniň Premýer ministri Bahreýniň Şasy bilen duşuşdy

Duşuşyk metbugat işgärlerine ýapyk ýagdaýda geçdi

560882
Türkiýäniň Premýer ministri Bahreýniň Şasy bilen duşuşdy

Türkiýäniň Premýer ministri Binali Ýyldyrym Stambul şäherinde ýerleşýän Çyragan köşgünde Bahreýniň Şasy Hamad Bin Isa Al Halife bilen metbugata ýapyk ýagdaýda duşuşyk geçirdi.

Alynan maglumata görä Premýer ministr Binali Ýyldyrym 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygyndan soň, goldaw berendigi sebäpli Bahreýniň Şasyna sag bolsun aýtdy we guralan bu saparyň onuň görkezijisidigini belledi.

Premýer ministr Ýyldyrym Türkiýäniň Bahreýine berýän goldawynyň dowam etjekdigini, goranmak senagaty bolmak bilen iki taraplaýyn gatnaşyklaryň ähli ugurlary öz içine alynmagynyň zerurdygyny nygtady.

Bahreýniň Şasy Hamad Bin Isa Al Halife bolsa hyzmatdaşlygy we bar bolan gatnaşyklary has hem ösdürmek isleýändiklerini mälim etdi.



Degişli Habarlar