Ysraýyl bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagyny maksat edinýän kanun kabul edildi

Şertnama görä Ysraýyl 25 günüň içinde Türkiýä 20 million dollarlyk jerime tölär

555786
Ysraýyl bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagyny maksat edinýän kanun kabul edildi

Ysraýyl bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagyny maksat edinýän kanun Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Baş Assambleýasynda kabul edildi

Şeýlelikde Türkiýe bilen Ysraýylyň arasynda Ysraýylyň 2010-njy ýylyň 31-nji maýynda Mawi Marmara gämisine guran hüjüminde  ýogalan türkleriň hossarlaryna jerime tölemegi meselesinde baglaşylan şertnama kanunlaşdyryldy.

6 maddalyk şertnama görä Ysraýyl 25 günüň içinde Türkiýä 20 million dollarlyk jerime tölär.

Türkiýe hem Ysraýyla we ysraýylly esgerlere garşy gozgalan kaziýet işlerinden ýüz öwürer.

 


Etiketkalar: #Ysraýyl , #şertnama , #jerime

Degişli Habarlar