"Siriýa meselesi Russiýanyň goşandy bolmazdan çözülip bilinmez"

Çawuşogly Türkiýe bilen Russiýanyň sebitde biri-birine ýakyn iki dost ýurtdygyny belledi

554898
"Siriýa meselesi Russiýanyň goşandy bolmazdan çözülip bilinmez"

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Siriýa meselesiniň Russiýanyň goşandy bolmazdan çözülip bilinmejekdigini aýtdy.

Çawuşogly Sputnik habarlar gullugyna beren beýanatynda Türkiýe bilen Russiýanyň sebitde biri-birine ýakyn iki dost ýurtdygyny belledi.

Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagyndan ozal “Russiýa bilen gatnaşyklaryňyz kadalaşsa gowy bolar” diýen ýurtlaryň, gatnaşyklaryň kadalaşmagyndan biynjalyk bolandygyna ünsi çeken Çawuşogly “Gynansaşda içgin hereket etmeýärler” diýdi.

Siriýa meselesiniň harby taýdan çözülip bilinmejekdigini ýatladan ministr Çawuşgoly “Şol sebäpli hem meseläniň syýasy taýdan çözülmegi üçin, hüjümleriň bes edilmegi üçin birlikde tagalla edilmeli”diýip belledi.

Siriýanyň territorial bitewiligi meselesinde Russiýanyň, Eýranyň we Türkiýäniň şol bir garaýşa eýedigini aýdan Daşary işler ministri Çawuşogly resmi Moskwanyň goşandy bolmazdan Siriýa meselesiniň çözülip bilinmejekdigini ýatlatdy.

 



Degişli Habarlar