“Agdarlyşyk synanyşygynyň hökman syýasy tarapy hem bolmaly”

Wise-premýer Numan Kurtulmuş Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň agdarlyşyk synanyşygynyň hökmany ýagdaýda syýasy tarapynyň hem bolmalydygyny belledi

553436
“Agdarlyşyk synanyşygynyň hökman syýasy tarapy hem bolmaly”

Wise-premýer Numan Kurtulmuş hususy telewideniýeleriň birine beren interwýusynda: “Hökmany ýagdaýda bu harby agdarlyşyk synanyşygynyň bir ýerlerde, bir ýagdaýda syýasy tarapy bolmaly. Türkiýäniň syýasy tejribesi muny öňe sürýär. Kim, näme ol biziň işimiz däl. Biz syýasatçy hökmünde seljeriş işlerini geçirýäris” diýdi.

15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygyndan soň howpyň dolulygyna geçip-geçmändigi barada berilen soraga jogap beren Kurtulmuş: “Türkiýäniň Ýaragly güýçlerini ulanyp ýaňadandan agdarlyşyk synanyşygynyň edilmegi mundan beýläk mümkin däl” diýip belledi.

Numan Kurtulmuş guramanyň 40 ýyllap taýarlyk görendigini, ençeme ýerde kripto işgäriniň bardygyny aýdyp, bu guramanyň hem ýurduň öz içinde hem-de daşary ýurtlarda tapawutly baglanşyklaryny herekete geçirmek mümkinçiligine eýedigini mälim etdi.

FETÖ garşy göreşiň erjellik bilen dowam etjekdigini bellän Kurtulmuş bu gurama bilen arabaglanşygy bolan, her dürli goldaw berenleriň ählsiniň hasabynyň soraljakdygyny nygtady.

FETÖ-niň ýolbaşçysy Fetullah Güleniň ABŞ-dan yzyna gaýtarylyp berilmeginiň üstünde durup geçen Numan Kurtulmuş 7-nji awgustdaky Demokratiýa we şehitler mitinginden soň has öňe gidişlik edilendigini habar berdi.

Kurtulmuş ABŞ-nyň ýolbaşçylarynyň ýa öz 240 raýatyny bir gijäň içinde öldüren eli ganly guramanyň liderini ýa-da 79 million türkiň arasynda saýlamaly boljakdygyny belledi.

Terror guramalarynyň arasyndaky aragatnaşyk barada hem durup geçen Wise-Premýer Numan Kurtulmuş FETÖ, PKK we DAEŞ umumy maksatlarynyň Türkiýäni durnuksyzlaşdyrmakdygyny mälim etdi.



Degişli Habarlar