Taryhy mitinge 5 milliona golaý adam gatnaşdy

Stambulyň Ýenikapy meýdanynda geçirilen taryhy “Demokratiýa we şehitleri hatyralama mitingine” 5 milliona golaý adam gatnaşdy

547133
Taryhy mitinge 5 milliona golaý adam gatnaşdy

         Miting meýdanyna 1 million watt güýjüne barabar ses ulgamy gurnaldy. Ol şu günki güne çenli Türkiýede gurnalan iň uly ses ulgamy.

         Meýdana gurnalan ses ulgamy arkaly 1,5 inedördül kilometr giňişlige ses ýetirildi.

         Miting meýdanyna 300 adamlyk toparyň 3 günüň dowamynda gurnan ses ulgamynyň togy 54 generator tarapyndan üpjün edildi we meýdana 22 sany led ekran goýuldy.

         Miting meýdanynda ses we şekil geçirişleri diňleriň üstünden çekilen 6 müň metr tross çekildi. Şekilleriň geçirişi bolsa 5 müň metr kiber geçirijiler arkaly üpjün edildi.

         “Demokratiýa we şehitleri hatyralama mitingine” gtatnaşmak islän daşary ýurtly myhmanlar we žurnalistler üçin Stamulyň şäher häkimliginiň guramagynda “ibb sinhron” hyzmaty berildi.

         İňlis we arap dilleri bilen birlikde dürli dillerde ykjam telefonlar arkaly onlaýn görnüşde sinhron terjime hyzmaty berildi.

         Mitingde 48 adamly göni ýaýlym topary işledi.

15-nži iýuldan bäri 80 million raýatýň ýek ýürege, bir sese öwrülendigini ýatladan Erdogan, şu gün Ýenikapýda baýdagýň žebisleşdiriži güýžüniň astýnda žemlenendigini, şol günden bäri tutulýan demokratiýa nobatýnýň çarpaýa galandýgýný nýgtadý.

“Şol giže minaralardan azalanlar-salalar göterildi” diýen Erdogan, bu milletiň gönezliginiň berkdigini hemmeleriň kabul etmelidigine ünsi çekdi.

Erdogan sözlerini: “Eziz milletime minnetdarlýk bildirýärin. “Ýeňiş milletiňki, meýdan milletiňki” diýendigiňiz üçin sag bolsuň” diýip tamamladý.



Degişli Habarlar