Türkiýäniň ýaragly güýçleriniň has-da güýçlendirler

Premýer ministr Ýyldyrym gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýanat berdi

543714
Türkiýäniň ýaragly güýçleriniň has-da güýçlendirler

Premýer ministr Binali Ýyldyrym jemgyýetçilik-harby deňagramlylyga girizilen üýtgetmeler bilen Türkiýäniň ýaragly güýçleriniň güýçden gaçyrylmaýandygyny tersine has kämilleşdirilmegi üçin taýarlyk görülýändigini aýtdy.

Kanuny üýtgetmelerde ösen ýurtlaryň ýaragly güýçlerinden görelde alynýandygyny ýatladan Premýer ministr; “Fetullahçy terror guramasy FETÖ-nyň mundan soň ýaragly güýçleriniň hatarynda iş alyp barmazlygy ýada şuňa meňzeş agdarlyşyk synanşyklarynyň indi gaýtalanmazlygy üçin çäre gördük” diýdi.

Premýer ministr Ýyldyrym gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýanat berdi.

15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyna gatnaşanlaryň kanunlaryň jäginde jezalandyryljakdygyny aýdan Premýer ministr “Türkiýe hukuk döwletidir we biz hem agdarlyşyk synanşygyna gatnaşanlaryň we olara goldaw berenleriň kanunlaryň çäginde jezalandyrylmagy üçin tagalla edýäris”diýip belledi.

Premýer ministr Ýyldyrym synanşyk gijegisi “ýurtda parahatçylyk diýýärkäler asuda ilata garşy harby uçarlardan we dik uçarlardan bomba ýagdyranlar, tanklary halkyň üstüne sürenler, dik uçarlar bilen çem gelen ýere ot açanlar hasabyny bermeli bolar”diýip belledi.

Agdarlyşyk synanşygynyň Fetullah Gülen tarapyndan meýilleşdirlendiginiň bilinýändigini aýdan Binali Ýyldyrym “Emma Fetullah Güleniň özbaşyna bu synanşygy meýilleşdirmäge güýjüniň ýetip ýetmejekdigi barasyndaky sorag jedelleşilýär. Synanşygyň arkasynda başgalary hem bar we ony bilýäris. Emma muny subut etmek gerek” diýdi.

15-nji iýuldan bäri dowam edýän demokratiýa nobatlary hakynda hem durup geçen Ýyldyrym “Raýatlarymyzdan demokratiýa nobatlaryny dowam etdirmeklerini isleýärin” diýdi.

Premýer ministr Ýyldyrym ýekşenbe güni Stambulda Demokratiýa we Şehitler mitinginiň geçiriljekdigini we mitinge oppozisiýadaky partiýalaryň hem çagyrlandygyny ýatlatdy.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar