Premýer ministr Ýyldyrym Respublikan halk partiýasynyň başlygy Kylyçdarogly bilen duşuşdy

Türkiýanyň Premýer ministri Binali Ýyldyrym Respublikan halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly bilen duşuşyk geçirdi

542575
Premýer ministr Ýyldyrym Respublikan halk partiýasynyň başlygy Kylyçdarogly bilen duşuşdy

Binali Ýyldyrym we Kemal Kylyçdarogly duşuşykdan soň metbugat işgärlerine beýanat berildiler.

Kylyçdarogly: “Kanun hökmünde kararnamalar bilen baglanşykly aladalarymyzy bildirdik, öňümizdäki etapda duşuşyklarymyzy dowam etdireris” diýdi.

Binali Ýyldyrym bolsa: “Adatdan daşary ýagdaý etaby başlanyndan bäri Kanun hökmünde kararnamanyň aýratynlyklary barada maglumat berdim. Kemal Kylyçdarogly şol babatdaky aladalaryny bize bildirdi, meseläni öňümizdäki günlerde ýaňadandan ara alyp masahatlaşmakçy. Duşuşyklarymyz şonuň çäginde dowam eder. Adatdan daşary ýagdaýa sebäp bolan şertleriň ortadan aýrylmagy örän wajyp” diýip belledi.

Premýer ministr Binali Ýyldyrym her partiýadan konstitutsiýa işlerine gözegçilik etjek 1 adamyň bellenendigini habar berdi.



Degişli Habarlar