Halk demokratiýa nobatyny dowam etdirýär

Agdarlyşyk synanşygynda şehit bolanlar üçin hudaý ýoly berildi

540043
Halk demokratiýa nobatyny dowam etdirýär

Fetullahçy terror guramasy-döwlete garşy paralel ulgamyň FETÖ/PDÝ-niň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyna garşylyk görkezmek üçin meýdanlara çykan halk demokratiýa nobatyny dowam etdirýär.

Stambulyň şäher häkimligi agdarlyşyk synanşygynda şehit bolanlar üçin hudaý ýoly berdi. Saraçhane meýdanynda ýagny “15-nji iýul şehitleri” köçesinde berlen we sela bilen başlan hudaý ýolyda şehitler üçin Gurhan okaldy we doga edildi.

Stambulylar Kysyklyda hem demokratiýa nobatyny dowam etdirýär.

Ankarada hem Gyzylaý meýdanynda halk tarapyndan başladylan demokratiýa nobaty dowam edýär.

Prezident R. T. Erdoganyň we Premýer ministr Binaly Ýyldyrymyň 15-nji iýul gijesi beren çagyryşyndan soň her gije Gyzylaý meýdanynda jemlenişýän müňlerçe adam FETÖ garşy şygarlar aýdýar.

Gümrük we söwda ministri Bülent Tüfenkçy bilen Adalat we ösüş partiýasynyň käbir halk deputatlary meýdana gelip demokratiýa nobatyna goldaw berdi.

Diýarbakyrda bir ýere jemlenşen halk we FETÖ-niň agdarlyşyk synanşgyna garşy şygarlar aýtdy.

Mersinde bolsa Jemhuriýet meýdanynda demokratýa nobatyny dowam etdirýän raýatlar türk baýdaklary bilen agdarlyşyk synanşygyna garşylyk görkezdiler.

Ýozgatlylar hem Jemhuriýet meýdanynda demokratiýa nobatyny dowam etdirýär.

Ozalky Energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyz hem Jemhuriýet meýdanyna gelip halk bilen birlikde demokratiýa nobatyny dowam etdirdi.

 

 

 



Degişli Habarlar