Ýokary Harby Geňeşin (ÝHG) Mejlisi öz işine başlady

ÝHG-iň mejlisi Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň ýolbaşçylyk etmeginde Çankaýa köşkünde geçirilýär

539328
Ýokary Harby Geňeşin (ÝHG) Mejlisi öz işine başlady

         ÝHG-iň agzalary möhüm mejlisden ozal Atatürkiň aramgähine bardylar.

         Premýer ministr Ýyldyrym Beýik Öňbaşçynyň aramgähine gül desselerini goýup, hormatly dymyşlyk etdi.

         Geňeşiň adyndan Aramgähdäki ýatlama depderine gol goýan Premýer ministr Ýyldyrym, Türkiýänin 15-nji iýul gijesi ikinji azat edijilik göreşinden ýeňiş bilen çykandygyny ýazdy.

         Binali Ýyldyrym: “Milletimize we ýurdumyň bölünmez bitewiligine kast eden ähli terror guramalarynyň derbi-dagyn ediljekdigi ikiuçsyzdyr” diýip nygtady.

         Geňeşiň Premýer ministr Ýyldyrmyň ýolbaşçylygyndaky agzalary soň MHG-niň mejlisine gatnaşmak üçin Çankaýa köşküne bardylar.

         Umuman Türk ýaragly güýçlerindäki wezipeleriň kesgitlenmegine we çinleriň ýokarlandyrylmagyna garalýan mejlisde bu gezek gün tertibiniň ileri tutulýan esasy ugry Fetullahçy terror guramasy-Parallel döwlet ulgamynyň 15-nji iýulda guran agdarlyşyk synanşygy bolar.

           Mejlisde iş möhletleri gutarmaýan Baş ştabyň başlygy general Hulusi Akaryň, Guryýer goşunlarynyň serkerdesi general Salih Zeki Çolagyň we Howa güýçleriniň serkerdesi general Abidin Ünalyň wezipelerini dowam etdirmegine garaşylýar.

geçen ýyllarda üç gün dowam edýän mejlisiň işi Premýer ministr Binali Ýyldyrymyň ýekşenbe güni geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýan etmegine görä şu ýyl bir günde tamamlanar.

            Mejlisde kabul edilen kararlar Prezident R.T.Erdoganyň garamagyna hödürlenenden soň halk köpçliginiň dykgatyna ýetiriler.



Degişli Habarlar