Wanda guralan terrorçylykly hüjümde 2 esger şehit boldy
Hüjümde jemi 3 adam hem ýaralandy
Wanyň Ýüpekýoly etrabynda guralan terrorçylykly hüjümde 2 esger şehit boldy, biri esger 2-si polis gullukçysy jemi 3 adam hem ýaralandy.
Hajybekir etrapçasynda barrikada gurup iki ulagy oda beren terror guramasy PKK-a agza terrorçylara garşy operasiýa guraldy.
Hüjümiň guralýan ýerine tarap barýan sowutly harby ulaga terrorçylar tarapyndan roketalar we agyr ýaraglar bilen hüjüm guraldy.
Hüjümde ulagdaky esger şehit boldy, 1 esger hem ýaralandy.
Hüjümden soň terrorçylar bilen bolan çaknyşykda hem 2 polis gullukçysy ýaralandy.
Terrorçylara garşy howa güýçleriniň goldaw bermeginde operasiýalar dowam edýär.
Diýarbakyryň Silwan etrabynda hem terrorçylaryň roketalar bilen guran hüjüminde 1 esger şehit boldy.
Gurluşygy dowam edýän Silwan bendiniň howpsyzlygyny üpjün edýän esgerleriň bolýan ýeriniň nyşana alynmagy sebäpli 1 esger hem ýaralandy.
Ýaralanan esgerl bejergi astyna alyndy we hüjümi guran terrorçylaryň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi üçin operasiýa başladyldy.
Degişli Habarlar
Trampyň Prezidentlige Saýlanmagy Ýakyn Gündogara Öz Täsirini Ýetirer
Erdogan "Jenap Trampy ýurdumyza çagyrdyk. Çakylygymyza oňyn jogap bermegine garaşýarys” diýdi.