Kalyn gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Kalyn terrora garşy göreşiň dowam etjekdigini aýtdy

532885
Kalyn gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary barada beýanat berdi

Prezidentiň metbugat geňeşçisi İbrahim Kalyn Fethullahçy terror guramasy FETÖ-niň ýolbaşçysy Fethulla Güleni gaýtaryp bermän halatynda ABŞ-niň oňa hemaýat edýändiginiň pikir ediljekdigini aýtdy.

Kalyn 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň tanklar we dik uçarlar bilen birlikde harby ulaglaryň ýitendigi baradaky habarlaryň nädogrydygyny mälim etdi.

Hususy teleýaýlymlardan birine beýanat beren İbrahim Kalyn, harby goşundaky saklamalaryn DAEŞ we PKK ýaly terror guramalary bilen alynyp barylýan göreşe ýaramaz täsir ýetirmejekdigini nygtady.

Prezidentiň metbugat geňeşçisi agdarlyşyk synanşygynyň goşunyň kiçijik topary tarapyndan guralandygyna ünsi çekip, şol sebäpli Türkiýäniň howpsyzlygyna täsiriniň bolmajakdygyny aýtdy.



Degişli Habarlar