Harby agdarlyşyk synanşygyndan soň giň gerimli saplaýyş işleri başladyldy

Milli Bilim ministrliginde 15 müňden gowrak gullukçy wezipesinden boşadyldy

532849
Harby agdarlyşyk synanşygyndan soň giň gerimli saplaýyş işleri başladyldy

Fetullahçy terror guramasynyň 15-nji iýuldaky harby agdarlyşyk synanşygyndan soň döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanalar bilen birlikde Premýer ministrlikde hem giň gerimli saplaýyş işleri başladyldy.

Saplaýyş işleriniň çäginde FETÖ bilen arabaglanşykly jemi 257 adam wezipesinden boşadyldy.

Din işleri edarasynyň çäginde Türkiýäniň çar tarapynda iş alyp barýan Fetullahçy terror guramasy bilen arabaglanşykly 492 adam wezipesinden boşadyldy.

Beýleki tarapyndan Milli Bilim ministrliginde 15 müňden gowrak gullukçy wezipesinden boşadyldy. Ministrligiň çäginde  ýurduň çar tarapynda işleýän we wezipesinden boşadylan 15 müň 200 adam hakynda dernew işi gozgaldy.

Ýokary okuw jaýlary guramasy bolsa döwlet we gazna uniwersitetlerinde 1577 dekanyň wezipesinden çekilmegi üçin çagyryş berdi.

Düýn hem İçeri işler ministrligi tarapyndan guralan operasiýada 8 müň 777 gullukçy wezipesinden boşadylypdy.



Degişli Habarlar