Erdogan Obama bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Obama söhbetdeşlikde harby agdarlyşyk synanşygy boýunça ähli derňew işinde hyzmatdaşlyga taýardygyny beýan etdi

533054
Erdogan Obama bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Prezident Diwanyndan alynan maglumata görä Erdogan-Obama söhbetdeşligi agşam ara geçirildi.

Obama söhbetdeşlikde Türkiýäniň demokratiýasynyň ýanynda durýandyklaryny aýtdy.

harby agdarlyşyk synanşygy boýunça ähli derňew işinde hyzmatdaşlyga taýardygyny hem nygtady.

Prezident Erdogan söhbetdeşlikde harby agdarlyşyk synanşygynyň arkasynda Fethullah terror guramasynyň durýandygyna ünsi çekdi.

Erdogan Fethullah Güleniň Türkiýä gaýtarylyp berilmegi meselesini hem gün tertibine getirdi.

Prezident degişli delonyň ABŞ-na gowşuryljakdygyny aýtdy.

ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obama hem Gülen barada ugradyljak delonyň we delillerin düýpli seljeriljekdigini nygtady.

Prezident Erdoganyň ABŞ-nyň Prezidenti Obama bilen geçiren telefon söhbetdeşliginden soň Ak Tamyň metbugat geňeşçisi FETÖ-niň ýolbaşçysy Fethullah Güleniň gaýtarylyp berilmegi üçin Türkiýeden edilen ýüz tutmanyn özlerine gelip gowşandygyny beýan etdi.



Degişli Habarlar