Wise-premýer Kurtulmuş TRT Habar kanalyna interwýu berdi

Wise-premýer Numan Kurtulmuş TRT Habar kanalyyň ýörite gepleşigine gatnaşdy

532220
Wise-premýer Kurtulmuş TRT Habar kanalyna interwýu berdi

Kanalyň Habarlar bölüminiň başlygy Ýaşar Taşkyn Koçyň soraglaryna jogap beren Kurtulmuş 15-nji iýul harby agdarlyşyk synanşygy sebäpli başladylan derňew bilen baglanşykly beýanat berdi.

Numan Kurtulmuş 15-nji iýul harby agdarlyşyk hereketini: “Hiç kimiň pikirine gelmejek wagşy we jenaýatkär hereket” diýdi.

Harby agdarlyşyk synanşygyndan soň Fetuhllahçy terror guramasynyň lideri Güleniň 3 maýmyny oýnandygyny aýdan Wise-premýer: “Harby agdarlyşyk işiň soňudy, altyn urgy ýerine ýetirmek islediler emma şowsuz boldy” diýip belledi.



Degişli Habarlar