Gruziýanyň we Gresiýanyň Premýer ministri Türkiýä goldaw berdi

Türkiýä goldaw ýüzlenmeleri gelmäge dowam edýär

531651
Gruziýanyň we Gresiýanyň  Premýer ministri Türkiýä goldaw berdi

Harby agdarlyşyk synanşygyndan soň Türkiýä goldaw ýüzlenmeleri gelmäge dowam edýär.

Gresiýanyň Premýer ministri Aleksis Çipras Premýer ministr Binaly Ýyldyryma telefon edip yzyna serpikdirlen synanşyk meselesinde türk halkyny we hökümetini gutlady.

Türkiýede demokratik ulgamyň we  durnuklylygyň goralyp saklanmagynyň sebit ýurtlary taýdan diýseň möhümdigini aýdan Çipras Gresiýanyň halkynyň we hökümetiniň Türkiýä goldaw berýändigini aýtdy.

Premýer ministr Binaly Ýyldyrym hem demokratiýa we milli ygtyýara garşy ýaragly güýçleriň çägindäki kiçi topar tarapyndan harby agdarlyşyk edilmäge synanşylandygyny emma demokratiýanyň üstün çykandygyna ünsi çekdi.

Bu etapda Gresiýanyň hökümetiniň beren goldawy üçin öz minnetdarlygyny bildiren Ýyldyrym, synanşyga gatnaşan we dikuçar bilen Gresiýanyň Dedeagaç şäherine gaçanlaryň gysga wagtda Türkiýä yzyna berilmegini isleýändiklerini aýtdy.

Gresiýanyň Premýer ministri Çipras hem ady agzalýanlaryň Türkiýä yzyna berilmegi etabynyň başladylandygyny belledi.

Gruziýanyň Premýer ministri Giorgi Kwirikaşwili hem Premýer ministr Binaly Ýyldyryma telefon edip harby agdarlyşyk synanşygynyň öňüniň alynmagyndan hoşaldyklaryny mälim etdi.

Gruziýanyň Premýer ministri Türkiýäniň demokratiýa taýdan gazanan üstünligi bilen mähirli gutlady we Türkiýäniň durnuklylygynyň sebitiň asudalygy üçin möhümdigini nygtady. 

Gruziýanyň Premýer ministri Giorgi Kwirikaşwili synanşykda ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

Premýer ministr Binaly Ýyldyrym hem Gruziýanyň halkynyň berýän goldawy üçin öz minnetdarlygyny bildirdi we iki ýurduň arasyndaky ýokary derejeli gatnaşyklaryň dowam etjekdigini aýtdy.



Degişli Habarlar