Raýatlar ýurduň 81 welaýatynda harby agdarlyşyk synanşygyna nägilelik bildirdi

Türkiýäniň 81 welaýatynyň raýatlary Fethullahçy terror guramasyna azga harbylar tarapyndan 15-nji iýulda geçirmek islän harby agdarlyşyga garşylyk görkezmek üçin köçelere çykdylar

530996
Raýatlar ýurduň 81 welaýatynda harby agdarlyşyk synanşygyna nägilelik bildirdi

Ankaranyň Kyzylaý meýdançasyna, Stambulyň Taksim meýdançasyna we Prezident R.T. Erdoganyň Stambulyň Üsküdar etrabynyň Kysykly etrapçasyndaky öýüniň öňünde ýygnanan adamlar harby agdarlyşyk synanyşygyna garşylyk bildirdiler.

Käbir şäherlerde goýulan ägirt uly telewizorlaryň saýasynda adamlar Prezident Erdoganyň çykyşyny gördüler.

Ellerindäki Türkiýäniň baýdaklary bilen “Dik dur egilme, bu millet seň bilen”, “Polisiýa işgärlerine el ýetireniň eli döwülsin” şygarlaryny aýdan adamlar meýdançalary doldurdylar.

Türkiýäniň baýdaklary bilen meýadançalara, köçelere çykan erkek adamlar, zenanlar, çagalar, ýaşuly adamlara jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri hem goldaw berdi.

Harby agdarlyşyk synanyşygyny protest eden adamlar hökümeti we Prezident R.T. Erdogany goldap şygar aýtdylar.

Erzinjanyň Üzümli etrabyndaky protestlerde bolsa Ukrainadan Türkiýä göçürilip getirilen we ol ýerde ýaşaýan Ahyska türkleri hem goldaw berdi.

Ýurtlaryndaky içerki söweşden gaçyp Afýonkarahisra ýerleşen yraklylar hem FETO-nyň harby agdarlyşyk synanyşygyna nägilelelik bildirdi.

Kilis welaýatynyň Jemhuriýet meýdançasyna gelen siriýaly bosgunlar hem Türkiýäniň hökümetine we Prezidentine goldaw berdiler.



Degişli Habarlar