Türkiýe Fransiýada guralan hüjümi ýazgardy

“Terror adamzada garşy edilen jenaýatdyr”

529677
Türkiýe Fransiýada guralan hüjümi ýazgardy

 

Premýer ministr Ýyldyrym Fransiýanyň Nissa şäherinde guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy.

Premýer ministr Ýyldyrym ýüzlenmesinde “Terror adamzada garşy edilen jenaýatdyr” diýdi.

Terrorçylykly hüjümi ýazgarýandygyny aýdan Binaly Ýyldyrym hüjümde ýogalanlara rehmet, ýaralananlara şypa diledi.

ÝB ministri Ömer Çelik hem hüjümi sosial media arkaly ýazgardy.

Gorkunç terrorçylykly hüjümi berk ýazgarýandygyny aýdan Ömer Çelik, “Terrora garşy birlikde hereket etmelidiris” diýdi.

Maliýe ministri Naji Agbal bolsa “şeýle hüjümleriň indi gaýtalanmazlygyny dileýäris”diýdi.

 



Degişli Habarlar