Erdogan Polşa saparyndan ozal metbugata beýanat berdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan howpsyzlyk sözüniň manysynyň örän üýtgändigini belläp, bu etapda NATO-nyň has işjeň bolmalydygyny we täze howplara garşy özüni täzelemelidigini nygtady

525547
Erdogan Polşa saparyndan ozal metbugata beýanat berdi

Prezident Erdogan NATO-nyň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Polşanyň paýtagty Warşawada geçiriljek maslahata gitmeden ozal Atatürk howa menzilinde metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi.

Stambulda, Yrakda we Saud Arabystanynda guralan terrorçylykly hüjümleri ýatladan Erdogan halkara howpsyzlygyň has gowşaýandygyny habar berdi.

Bu ýagdaýyň diňe Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrikadaky birnäçe ýurda täsir ýetirýän mesele däldigini, gaýtam global derejdedigini aýdan Türkiýäniň Prezidenti şu günki günde ozalky howplaryň üstüne DAEŞ, Al Kaýda, PÝD, PKK, ÝPG ýaly terror guramalarynyň sebäp bolýan täze howpsyzlyk synaglary bilen ýüz-ýüze gelinendigine ünsleri çekdi.

Bosgun krizisine we migrasiýa ýaly meseleleriň üstünde durup geçen R.T. Erdogan global asudalygyň we güýç deňagramlylygynyň dowamy üçin alýansyň birek-biregini goldamagyny dowam etdirmelidigini we NATO-nyň Türkiýäniň howpsyzlygyna täsir ýetirýän meselelere has köp tagalla görkezmegine garaşýandyklaryny mälim etdi.

Türkiýäniň Prezident Erdogan berilen soraga jogap berip G20 maslahatyndan ozal Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin bilen geçirjek duşuşygynyň şu aýyň ahyrynda ýa-da awgusta aýynyň başynda boljakdygyny habar berdi.

Erdogan şeýle hem: “Bular örän uly meseleler. Diňe Siriýada 6 ýyl bäri dowam edýän söweş etaby bar. 6 ýylyň dowamynda 600 müňe golaý adam Siriýada öldürildi. Taryh sahnasynda kartadan aýyrlyp barýan bir Siriýa bar. Ençeme asyrlara daýanýan taryhly ýurduň ortadan aýrylmagyna göz ýummagymyz mümkin däl” diýdi.



Degişli Habarlar