Türkiýäniň Prezidenti Polşada geçiriljek NATO maslahatyna gatnaşar

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Polşada geçiriljek NATO-nyň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşar

524794
Türkiýäniň Prezidenti Polşada geçiriljek NATO maslahatyna gatnaşar

Prezident diwany tarapyndan berilen ýazmaça beýanata görä Erdogan Warşawada 8-9-njy iýul aralygynda geçiriljek ýokary derejeli maslahata gatnaşar.

Maslahatda alýans döwletleriň liderleriň Uelsde geçirilen maslahatda kabul eden kararlary gözden geçirmeklerine, eýmendirmäni we kollektiw goranyşy güýçlendirjek goşmaça çäreleri tassyklamagyna garaşylýar.

Liderler mundan başgada Owganystandaky Kararly goldaw missiýasyna kömek berýän NATO agza bolmadyk ýurtlaryň liderleri we degişli guramalaryň wekilleri bilen geçiriljek maslahatyň aýratyn bölüminde ady agzalan missiýanyň işlerini gözden geçirer, Owgan milli goranyş we howpsyzlyk güýçlerine 2018-2020-nji ýyllar aralygynda maliýe taýdan goldaw berilmegi barada meýilliligini belläp geçerler.

Döwlet we hökümet ýolbaşçylary derejesinde geçiriljek NATO-Ukraina Komissiýa maslahatynda bolsa Minsk ylalaşygynyň ýola goýulmagyny hem öz içine alýan Ukrainadaky soňky ýagdaý ara alynyp maslahatlaşylar.

Daşary ýurtly kärdeşleri bilen hem duşuşmagyna garaşylýan Prezident Erdogana ýurduň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly we Milli Goranmak ministri Fikri Yşyk ýoldaşlyk eder.



Degişli Habarlar