Prezident Erdogan Türkiýede ýaşaýan siriýalylara raýatlyk beriljekdigini aýtdy

Türkiýäniň Prezidenti 35 ýyllap terrora garşy göreş alyp barýan Türkiýäniň bularyň hem hötdesinden geljekdigine ünsi çekdi

523025
Prezident Erdogan Türkiýede ýaşaýan siriýalylara raýatlyk beriljekdigini aýtdy

Kilisde guralan we siriýalylaryň hem gatnaşan agzaçarda çykyş eden Erdogan: “Türkiýe Respublikasynyň raýatlary bolmak isleýänleriň bardygyna ynanýaryn. Mesele bilen baglanşykly Içeri işler ministrligimiz tarapyndan edilýän işler bar. Olara raýatlyk mümükinçiligini bereris” diýdi.

Türkiýäniň häzirki Siriýa syýasatynyň 6 ýyl ozalky syýasat bilen meňzeşdigini aýdan Prezident Erdoganyň gün tertibinde Asad hem bardy.

Erdogan Asad bilen maşgala bolup duşuşandyklaryny ýatladyp: “Kakaň ýaly bolup bilmersiň diýdik welin güldi. Iki dünýäsi bar eken, hakyky ýüzüni bizden ýaşyrýar eken. 6 ýylda hakyky ýüzi orta çykdy” diýdi.

Terror guramalary DAEŞ, PÝD we ÝPG barada hem durup geçen Erdogan: “Siriýada DAEŞ hem musulmanlara wekilçilik edenok, PÝD-ÝPG hem kürt doganlarymyza wekilçilik edenok. Guramalaryň ikisem ýokary güýçler tarapyndan sebitdäki hapa hasaplarynyň ugrunda ulanylan guramalardyr” diýip belledi.

Öýlerini we ýurduny terk eden siriýalylaryň sanynyň 5 milliona ýetendigini we şonuň 3 milliona golaýynyň Türkiýededigini ýatladan Prezident Erdogan Kilis welaýatynyň öz ilatyndan hem köp siriýala gujak açandygyny nygtady.

Türkiýedäki terrorçylykly hüjümler barada hem durup geçen R.T. Erdogan şu gün Türkiýäniň PKK, PÝD we DAEŞ sebäpli terroryň oduny, partlaýan bombalaryny, hüjümlerini öz başyndan geçirendigini belledi.

Türkiýäniň Prezidenti 35 ýyllap terrora garşy göreş alyp barýan Türkiýäniň bularyň hem hötdesinden geljekdigine ünsi çekdi.

Terrora garşy göreşiň erjellik bilen dowam edýändigini aýdan Prezident Erdogan: “Bu millete hyýanat edenlere gerekli jogaby bereris” diýdi.



Degişli Habarlar