Türkiýäniň Ýaragly güýçleri DAEŞ-iň ýerlerine operasiýa gurady

Siriýanyň demirgazygyndan Türkiýä hüjüm guramak üçin taýarlanylandygy anyklanan terror guramasy DAEŞ-e degişli 15 harby pozisiýa Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan gaubisalar arkaly we hyzmatdaş güýçleriniň uçarlary bilen hatardan çykaryldy

520566
Türkiýäniň Ýaragly güýçleri DAEŞ-iň ýerlerine operasiýa gurady

Baş ştab tarapyndan berilen beýanata görä düýn Siriýanyň demirgazygynda terror guramasy DAEŞ-e degişli ýarag liniýalaryndan, katýuşalardan we minomýotlardan ybarat 15 pozisiýanyň Türkiýä garşy hüjüm guramak üçin taýarlanylandygy anyklandy.

Terror guramasyna degişli pozisiýalar gaubisalar we hyzmatdaş güýçleriniň uçarlary tarapyndan guralan operasiýalarda ýok edildi.

Yragyň demirgazygyndaky aýralykçy terror guramasyna degişli söweş pozisiýalaryna hem düýn howa hüjümi guraldy.

Harby howa güýçlerine degişli uçarlar bilen guralan hüjümde terrorçylara degişli gaçypatalgalar we gowaklar nyşana alyndy.

Beýleki tarapdan bolsa 27-nji iýunda Yragyň demirgazygyndaky Kandil sebitine guralan howa operasiýasynda aýralykçy terror guramasyna agza 38 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, 7 terrorçy ýaralandy.



Degişli Habarlar