“Türkiýäniň we Russiýanyň arasynda gatnaşyklaryň täze sahypasy açylyp biliner”

Prezidentiň Geňeşçisi Ýigit Bulut Ysraýyl bilen Türkiýäniň arasynda bolşy ýaly iň ýakyn wagtda Russiýa bilen hem gatnaşyklaryň täze sahypasynyň açylyp bilinjekdigini mälim etdi

519176
“Türkiýäniň we Russiýanyň arasynda gatnaşyklaryň täze sahypasy açylyp biliner”

Ýigit Bulut TRT Habar Ykdysadyýet 7/24 programasyna telefon arkaly beýanat berdi.

Ysraýyl bilen ýola goýulmaga başlanan gatnaşyklar barada durup geçen Bulut Russiýa bilen hem gatnaşyklaryň düzelip bilinjekdigini belledi.

Bulut: “Rus-türk gatnaşyklarynda ykdysadyýete, esasan hem syýahatçylyga gönüden-göni täsir ýetirip biljek täze ugurlary görüp bileris” diýdi.

Bulut Ysraýylyň Türkiýeden ötünç soramagy bilen başlanan gatnaşyklaryň täze tapgyrynyň Ýakyn Gündogardaky tebigy gaz turba geçirjileriniň durmuşa geçirilmegini üpjün etjekdigini nygtady.



Degişli Habarlar