Premýer ministr Ýyldyrym ABŞ-nyň Wise-prezidenti Baýdene gynanç bildirdi

Türkiýäniň Premýer ministr Binaly Ýyldyrym ABŞ-nyň Wise-prezidenti Jo Baýdene jaň edip Florida ştatynyň Orlando şäherinde guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

511891
Premýer ministr Ýyldyrym ABŞ-nyň Wise-prezidenti Baýdene gynanç bildirdi

ABŞ-nyň hökümetine we amerikan halkyna gynanç we duýgudaşlyk bildiren Ýyldyrym terrora garşy göreşen we terrorçylykly hüjümlerde ençeme raýatyny ýitiren Türkiýäniň ABŞ-nyň halkynyň gynanjyna düşünýändigini we paýlaşýandygyny belledi. Terroryň dininiň, milletiniň we messebiniň ýokdugyna ünsi çeken Binaly Ýyldyrym şol sebäpli Türkiýäniň, DAEŞ, PKK/PÝD/ÝPG bolmak bilen ähli terror guramalaryna garşy täsirli ýagdaýda göreşmek babatynda ygrarly boljakdygyny mälim etdi.

Baýden gynanç üçin Binaly Ýyldyryma sag bolsun aýtdy. Türkiýäniň ABŞ-nyň gynanjyny iň gowy düşünjek pozisiýadadygyny bellän Baýden Ýyldyrymyň terroryň dininiň ýa-da milletiniň ýokdugy baradaky sözlerine goşulyşdy.



Degişli Habarlar