Terror guramalaryna garşy göreşiň çäginde operasiýalar dowam edýär

Terror guramasy DAEŞ-iň Siriýadan Türkiýä od açmak üçin taýarlyk görýändigi barada maglumat alynanyndan soň howa operasiýasy guraldy

509211
Terror guramalaryna garşy göreşiň çäginde operasiýalar dowam edýär

Siriýadaky DAEŞ-iň ýerleri gaubisalar we hyzmatdaş güýçleriniň uçarlary bilen nyşana alyndy. Operasiýalarda 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri DAEŞ-e degişli front liniýalary, katýuşalary we minomýotlary nyşana alyp gaubisalar bilen od açdy.

Mundan başgada hyzmatdaş güýçlerine degişli uçarlar hem Jakka we Duwaýbyk sebitlerine 3 aýry howa operasiýa guradylar.

DAEŞ-iň gözegçiligi astynda bolan Güzel Mezra we Ýeni Ýaban sebitleri hem oppozisionerler tarapyndan basylyp alyndy.

Beýleki tarapdan Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Siirt welaýatynyň Eruh we Şyrnak welaýatynyň Beýtüşşebap etraplarynda guran howa hüjümlerinde terrorçylara degişli 6 ýer ýok edildi.

Hakkari welaýatynyň Şemdinli etrabynda harby bölümleriň birine terror guramasy tarapyndan guralan ýaragly hüjümde 6 terrorçy täsrsiz ýagdaýa getirildi.



Degişli Habarlar