Hakkaride 2 esger şehit boldy

Terrorçylar harby baza hüjüm gurady

508584
Hakkaride 2 esger şehit boldy

Hakkari welaýatynyň Şemdinli etrabyndaky Tekeli harby bazasyna terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde 2 esger şehit boldy, 4 esger ýaralandy.

Ýaralanan esgerler dik uçarlar bilen hassahana getirildi.

Etrapda terrorçylara garşy howa güýçleriniň goldaw bermegine operasiýa guralýar.

Beýleki tarapdan Tunjeli welaýatynyň Owajyk etrabynda PKK-ly terrorçylar žandarm serkerdeligine roketalar bilen hüjüm gurady.

Hüjümden soň terrorçylar bilen howpsyzlyk güýçleriniň arasynda çaknyşyk boldy.

Gaçan terrorçylaryň tussag edilmegi üçin operasiýa guralýar.

 


Etiketkalar: #harby baza , #şehit

Degişli Habarlar