11 aýyň soltany Remezan aýy ilkinji tarawa namazy bilen başlady

11 aýyň soltany Remezan aýy ilkinji tarawa namazy bilen başlady

504866
11 aýyň soltany Remezan aýy ilkinji tarawa namazy bilen başlady
mehmet görmez.jpg

Möminler ilkinji tarawy namazy üçin mejitleri doldurdy, namazda jebislik we bitewilik üçin dogalar edildi.

Stambullylaryň bir bölegi tarawa namazyny okamak üçin Eýup Soltan metjidine geldiler.

Möminleriň bir bölegi bolsa Soltanahmet we Süleýmaniýe metjitlerinde tarawa namazyny okady.

Din işleri edarasynyň başlygy Mehmet Görmez Aýasofiýada TRT-niň Diýanet kanalynda ýaýlyma berilýän Bereket wagty gepleşigine gatnaşdy.

Remezan aýy hakynda möhüm beýanat beren Görmez, halky Remezan aýy bilen gutlady we “remezanyň asudalyk, jebislik we bereket getirmegini Beýik biribardan dileýärin” diýdi.

Ankaralylar bolsa Remezanyň ilkinji tarawy namazyny okamak üçin Haji Baýram Weli we Kojatepe metjitlerine geldiler.

Yslam dünýäsi hem Remezan aýyny joşgunly ýagdaýda garşylady.

Balkan ýurtlarynda ýaşaýan musulmanlar ilkinji tarawa namazyny okamak üçin metjitleri doldurdy.

 



Degişli Habarlar