Türkiýäniň Ýaragly güýçlerinden DAEŞ-e garşy operasiýa

Operasiýanyň barşynda 14 terrorçy öldürildi

503893
Türkiýäniň Ýaragly güýçlerinden DAEŞ-e garşy operasiýa

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň we hyzmatdaş güýçleriniň uçarlarynyň bilelikde Siriýada terror guramasy DAEŞ-e garşy guran operasiýasynda 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Baş ştab tarapyndan berilen beýanata görä Siriýadan Türkiýä garşy ulanmak üçin taýarlyk ýagdaýyna getirilendigi anyklanan DAEŞ-e degişli 11 ýarag gaubisalar we köp nilli raketalar bilen nyşana alyndy.

Hyzmatdaş güýçleriň uçarlary hem DAEŞ-e garşy 9 howa hüjümini gurady.

Opersiýalaryň barşynda DAEŞ-e agza 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi, gurama degişli 1 ýaragly ulag, atmak üçin taýarlanylan raketa ulgamy bilen 3 aýry goranyş binasy ýok edildi.



Degişli Habarlar