Ýyldyrym: “Terrory ýurdun gün tertibinden çykararys”

Premýer ministr Binali Ýyldyrym terrory ýurduň gün tertibinden çykarjakdyklaryny aýtdy

501639
Ýyldyrym: “Terrory ýurdun gün tertibinden çykararys”

İzmirde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşan Ýylydyrym operasiýalaryň terror dolulygyna ýok edilýänçä dowam etjekdigini nygtady.

Terrora garşy operasiýalaryň bes edilmegi üçin käbir şertleriň ýerine ýetmelidigini nygtan Binali Ýyldyrym: “Bu ganhor terror guramasy haçanda asuda ilaty, garrylary, ýaşlary biperwaýlyk bilen öldürmekden el çekse, haçanda esgere, polise, žandarma, goragça ýarag çenäp, olary şehit etmekden el çekse, haçanda Anadolynyň çar tarapynda raýatlarymyzyň asuda we howpsyz ýaşamaga başlasa, ine şo wagt bu operasiýalar gutarar. Çözgüt terror guramasynyň millet bilen döwlediň arasynda ýok bolup gitmegidir” diýdi.

İzmir bilen bagly taslamalar barada-da durup geçen Premýer ministr Ýyldyrym, şäherde tizligi ýokarlandyrylan otlynyň 2019-njy ýyla çenli ulanmaga beriljekdigini aýtdy.

Binali Ýyldyrym, transport meselesinde İzmire goýuljak maýanyň gymmatynyň ululy-kiçili 53 ýurduň bir ýyllyk girdejesinden uly boljakdygyny hem aýtdy.



Degişli Habarlar