Efes-2016 harby türgenleşigi dowam edýär

Efes 2016 türgenleşigi 4-nji iýunda tamamlanar

496939
Efes-2016 harby türgenleşigi dowam edýär

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Egeý deňizindäki Efes-2016 atly türgenleşikde taňka garşy roketa TOW ýaragyny ulandy.

4-nji maýdan bäri dowam edýän harby türgenleşikde eginden we dik ýagdaýda hem atyp bolýan taňka garşy roketa ýaragy bolan MILAN hem başarnykly ýagdaýda ulanyldy.

Harby türgenleşige Germaniýa, ABŞ, Azerbaýjan, Britaniýa, Saud Arabystany we Fransiýa ýaly ýurtlar bilen birlikde 12 ýurt gatnaşýar.

Gyssagly kömek ýaly türgenleşikler gözden geçirilýän Efes 2016 türgenleşigi 4-nji iýunda tamamlanar.



Degişli Habarlar