Hakkaride 10 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň Hakkari welaýatynyň Daglyja etrabynda geçiren operasiýasynda 10 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirdi

493008
Hakkaride 10 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Baş ştab tarapyndan berilen beýanatda 16-njy martda Daglyja etrabynda gowaklaryň birinde geçirilen operasiýada 7 terrorçynyň öli ýagdaýda ele salynandygyny mälim etdi.

17-nji martda şol ýerde geçirilen operasiýada bolsa başga bir gowakda bukulan 1-i zenan 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Türkiýäniň Ýaragly güýçleri ýurduň öz içinde we daşary ýurtda guran howa operasiýalarynda terror guramasyna degişli köp sanda ýerleri ýok etdi.

Beýleki bir operasiýada bolsa Daglyja sebitinde we Yragyň demirgazygyndaky Awaşin, Basýan sebitlerinde anyklanan ýerlere garşy howa hüjümler guraldy.

Nyşana alynan ýerler dolulygyna ýok edilendigi beýanatda habar berilýär.



Degişli Habarlar